logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Magtymguly - dünýäniň akyldary

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi tarapyndan ”Magtymguly - dünýäniň akyldary” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilip geçirilýänligi, eziz diýarymyzda medeniýet we sungat işgärlerine uly sarpa we hormat goýulýanlygy hakynda giňden belläp geçdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda medeniýeti we sungaty ösdürmekde, ony dünýä derejesine çykarmakda uly işler alnyp barylýar. Medeniýetiň gözbaşynda däp-dessurlarymyz, aýdym-saz sungatymyz, birek-birek bilen özara gatnaşyk, ýaşaýyş durmuşyň köp taraplary, halkymyzyň ahlak sypatlary durýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitaby türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýär. Şeýle-de akyldaryň döredijiliginiň we durmuş ýolunyň ylmy esasda öwrenilişi, şygyrlaryndaky pähim – paýhaslaryň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti barada maglumatlar berilýär. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygryýeti geçmişiň ýaňy, halkyň dili, agzybirlik senasy bolup ýaňlanýar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi tarapyndan geçirilen ”Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly söhbetdeşlik gatnaşan okyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bize şeýle bagtyýar durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.