logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«MAGTYMGULY-DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY» ATLY KITABYNA SYN

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly kitabyndan syn geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly kitabynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp şeýle hem türkmen halkynyň durmuşynda dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýelän orny giňişleýin açylyp görkezilendigi barada syn alynyp baryldy.

Çykyş edenler synymyzyň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.