logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MAGTYMGULY – HALKYŇ ÖÇMEZ ÇYRAGY

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Aşgabat» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde, «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan geçirýän ýaş nesilleriň arasynda «Magtymguly – halkyň öçmez çyragy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly dünýäniň akyldary» atly gymmatly eserinde dana şahyrymyzyň edebi mirasynyň giňişleýin şöhlelendirilişi barada kitaphana hünärmeniniň beren gürrüňlerini ýaş nesillerimiz uly gyzyklanma bilen diňlediler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar akyldar şahyrymyzyň arzuwlan baky berkarar döwletinde ýaşlaryň okamaklary, sapaly dynç almaklary ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize minnetdarlyklaryny beýan etdiler.