logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Magtymguly Pyraga bagyşlap eser döreden ýazyjylaryň döredijilik duşuşygy

Şu ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli söz ussady Magtymguly Pyraga bagyşlap eser döreden ýazyjylar bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynda geçirilen bu çärede, «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm redaktory, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti, halypa şahyr Süleýman Ilamanow, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň alym-kätibi, halypa ýazyjy Goçy Annasähedow, «Zenan kalby» žurnalynyň bölüm redaktory, ýazyjy Amangül Nurmyradowa dagy gatnaşdylar. Olar çykyşlarynda söz äleminiň çuňluklaryny boýlan akyldar şahyr Magtymguly Pyragy nusgalyk döredijiligi bilen dünýä edebiýatyna saldamly goşant goşan, türkmen edebiýatyny bolsa şöhratlandyran beýik şahsyýetdir. Şahyryň manydan dok şygyrlary nesillerden nesillere geçip, adamzada mekdep bolup hyzmat edýär. Söz ussadynyň Jemşidiň jamyna deňelýän döredijiligi ähli sowallara makul jogap bolup biljek gymmatly mirasdyr. Şahyryň dür sözlerden düzülen goşgulary döwürlere paýhas nuruny saçyp ýaşap gelýär. Biziň döwrümiz bolsa şahyryň sarpasyny has-da belende göterdi. Magtymgulyny okap, onuň döredijiligine maýyl bolýarsyň hem-de sözüň güýjüne aýdyň göz ýetirýärsiň.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar we çäreler ýurdumyzda hem-de halkara derejesinde giň gerimde bellenildi.

Akyldaryň köptaraply döredijiligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, maşgala mukaddesliklerine wepalylyk, päk ahlaklylyk ýaly ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde egsilmez hazynadyr.

Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygryndaky manyly setirler dünýäniň danasy Magtymguly Pyraga umumadamzat şahyry diýmäge esas döredýär. Ol dünýäniň akyldarlarynyň dürdäne poeziýasynyň many-mazmunyny öz şygyrlaryna siňdirip halkymyza hem-de dünýä halklaryna ýaýan beýik ynsandyr. Şahyryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyndan mynasyp orun alan şygyrlary çeperçiligi, manysynyň çuňlugy, mazmunynyň baýlygy, ynsanperwerlige ýugrulandygy bilen tapawutlanýar- diýip, çykyş edenler nygtadylar.

Bu döredijilik duşuşygynda ýazyjy-şahyrlar türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan hekaýalary barada giňişleýin söhbet etdiler. Şahyrlar dana şahyra bagyşlap döreden goşgularyny okadylar. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen bu döredijilik duşuşygyň çäklerinde, oňa gatnaşan myhmanlar, kitaphana işgärleri kitaphananyň baý gaznasyndan gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda çykyş eden ýazyjy-şahyrlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmakda ägirt uly işleri amala aşyrýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Ogulgurban GAŞLAKOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet
ministrliginiň Döredijilik
işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.