logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MAGTYMGULY PYRAGY ERKANALYGYŇ WASPÇYSY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda tomusky dynç alyş möwsümüniň dowam edýän günlerinde Gökderedäki «Bagtyýar nesiller» çagalar-sagaldyş we dynç alyş merkezinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ýaş nesillere wagyz-nesihat etmek maksady bilen «Magtymguly Pyragy–erkanalygyň waspçysy» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly gymmatly eserinden dana şahyrymyzyň azatlygy, erkanalygy ündäp ýazan döredijilik ýoly barada beýan edilýän gyzykly wakalar hakynda täsirli gürrüňler berildi.

Söhbetdeşligimiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz diýarymyzy, baky bagtyýarlykda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan etdiler.