logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Magtymguly Pyragy – söz äleminiň zergäri

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Magtymguly Pyragy – söz äleminiň zergäri» ady bilen Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanada söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Magtymguly Pyragynyň çuňňur many-mazmunly goşgulary türkmen halkynyň taryhy, ýaşaýyş durmuşy, geçmişi bilen aýrylmaz baglanşykly bolup, şahyryň goşgulary her bir ynsanyň kalbyndan eriş argaç bolup geçýän edebi mirasy bolsa häzirki döwrümizde tutuş adamzat jemgyýetini terbiýelemekde uly güýje eýe bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Akyldar şahyrymyz öz ýazan şygyrlarynda ýagşy işlere ýaran bolmagy, gowy gylyk häsiýeti ündändigi barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň abraý-mertebesini belende göterýän hem-de sungata çäksiz sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.