logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Magtymguly Pyragy-şygryýetiň göwher täji

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi “Magtymguly Pyragy-şygryýetiň göwher täji”ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň şahyry bolman eýsem ýer ýüzüniň ähli halklarynyň şahyrydyr. Şahyryň ýazan ähli goşgulary bütin adamzat dünýäsi üçindir. Dana şahyryň goşgulary köptaraplylygy hem-de çeperçiligi bilen baýdyr. Şahyryň öwüt-nesihat, edep-terbiýe barada ýazan goşgulary häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ähmiýeti diýseň uludyr.Şular dogrusynda söhbetdeşlige gatnaşanlar täsirli çykyş etdiler we Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan okap berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.