logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Magtymguly Pyragy - türkmeniň köňül nagşy, Medeniýetiň toýunda saýra şahyr, joş bagşy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Energohyzmat” birleşiginiň “Serpaý” aýdym-saz toparynyň bilelikde gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Magtymguly Pyragy - türkmeniň köňül nagşy, Medeniýetiň toýunda saýra şahyr, joş bagşy» ady bilen Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede halkymyzyň döredijilik ruhynyň beýany bolup, jemgyýetçilik durmuşymyza özboluşly öwüşgin çaýýan baýramlarymyzyň biri hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günidigi, gadymy türkmen topragyny uly dabaralara besleýän bu baýramyň joşguny milletimiziň mizemez agzybirliginiň we Magtymguly Pyragynyň hasyl bolan arzuwlarynyň nyşany bolup, dünýä ýaň salýandygy, milli medeniýetimizde halkyň ýol ýörelgesi, ruhy dünýäsi, şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary özboluşly şöhlelenýändigi hakynda çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda “Serpaý” aýdym-saz toparynyň aýdymçy-sazandalary Watanymyzy wasp edýän we akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen birnäçe aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Baýramçylyk çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.