logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MAGTYMGULY PYRAGY–BEÝIK AKYLDAR ŞAHYR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda «Magtymguly Pyragy–beýik akyldar şahyr» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler türkmen edebiýatyny ösdürmekde we dünýä ýaýmakda uly yz galdyran söz ussatlarymyza, nusgawy şahyrlarymyza uly hormat goýulýandygy esasanda gürrüň edip, türkmen edebiýatynyň söz ussady akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ägirt uly döredijiligi, goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti hem-de şahyryň şygyrlarynyň diňe bir türkmen halkynyň ýüreklerinde orun alman, eýsem dünýä edebiýatynda hem uly meşhurlyga eýe bolandygy barada beýan etdiler. Şeýle-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ynsan kalbynyň ruhy aýnasy bolan ussat şahyryň şygyrlary belentden sarpalanýandygy barada aýtdylar.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.