logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MAGTYMGULY PYRAGY–DÜNÝÄ DANASY

MAGTYMGULY PYRAGY–DÜNÝÄ DANASY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Magtymguly Pyragy–dünýä danasy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Magtymguly Pyragynyň döredijiligi nusgawy edebiýatyň hazynasydygy, dana akyldaryň dünýä halklarynyň arasynda meşhurlyk gazanyp, türkmen edebiýatyny ýer ýüzüne äşgär eden ussatdygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň mertligi, batyrlygy, watançylygy wasp eden şahyr hökmünde kalplarda baky orun alyp, munuň özi akyldar şahyrymyzyň türkmen halkynyň öňünde bitiren hyzmatynyň aýdyň beýanydyr diýip belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giň gerimde dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.