logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MAGTYMGULY PYRAGY–EDEP TERBIÝE MEKDEBI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi, Kitaphanaara abonement bölümi bilen bilelikde Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýerleşýän «Bagtyýar nesiller» sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Magtymguly Pyragy–edep terbiýe mekdebi» atly göçme kitap sergisini çagalar topary bilen geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalara adamzadyň döreden gymmatlyklarynyň altyn hazynasyna ägirt uly goşant goşan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýeti ýaş nesli watançylyk, dostluk, zähmetsöýerlik, tutanýerlilik, päk ýüreklilik we adamkärçilik ruhunda terbiýelemekde hem-de olaryň gözellik duýgularyny ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolup, onuň pendi nesihatlary, öwüt-ündewleri ýaşlarymyz üçin ruhubelentligiň hem ynsanperwerligiň gymmatly edep-terbiýe mekdebidigini beýan etdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly kitabynda Pyragynyň edebi älemi çeper diliň, filosofik oý-garaýyşlaryň, taryhy maglumatlaryň üsti bilen has giňişleýin suratlandyrylýandygyny uly buýsanç bilen nygtadylar.

Kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine degişli eserleri şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli birnäçe eserler ýerleşdirildi. Bu eserler halkymyzyň taryhy maglumatlara daýanýan ruhy-medeni hazynasynyň dür merjeni bolmak bilen, nesilleriň ylham çeşmesi bolup hyzmat etjekdigini, halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan, ýaş nesilleri watançylyk, ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadygyny buýsanç bilen beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda çagalar bilen sorag-jogap alşyldy.

Kitap sergisine gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.