logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MAGTYMGULY PYRAGY–KÖŇÜLLERIŇ ÇYRAGY

MAGTYMGULY PYRAGY–KÖŇÜLLERIŇ ÇYRAGY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Magtymguly Pyragy–köňülleriň çyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlikde çykyş edenler akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň diňe bir türkmen halkynyň akyldar şahyry bolmak bilen çäklenmän eýsem, umumadamzat şahyrydygyny, Magtymguly atamyzyň öwüt-nesihat, watansöýüjilik, ar-namys, yşk-söýgi, gaýratlylyk ýaly nakyla öwrülip giden gymmatly setirleri, ajaýyp goşgulary hakynda giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.