logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGI – RUHY DÜNÝÄMIZIŇ HAZYNASY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Ylham” seýilgähinde “Magtymguly Pyragynyň döredijiligi – ruhy dünýämiziň hazynasy” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we döredijilik duşuşygy geçirildi.

Çärede çykyş edenler häzirki döwürde dünýäniň akyldary Magtymguly Pyragynyň eserleri halklaryň dostluk köprüsine öwrülip, onuň ynsanperwer wesýetleri, berkarar türkmen döwleti baradaky arzuwlary siňen ajaýyp şygyrlary halkara derejesinde ynsanperwerligiň, watançylygyň, agzybirligiň, jebisligiň, senasy höküminde ýaňlanýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Magtymguly Pyragy hemmeleriň ruhy dünýäsiniň baý hem owadan bolmagyny arzuw eden şahyrdygy barada belläp geçdiler.

Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri we nusgawy ýazyjy şahyrlarymyzyň eserleri ýerleşdirildi. Bu bolsa çärä gatnaşýanlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.