logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINDE WATANSÖÝÜJILIGIŇ WASPY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde watansöýüjiligiň waspy» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen edebiýatynyň düýbini tutujy, görnükli söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasyň belentden tutulýandygyny, çünki akyldaryň eserleri ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda ynsanperwerlik, umumadamzat gymmatlyklaryny kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, ýol görkeziji şamçyragdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň eserleri nesilleri ruhy, ahlak we medeni taýdan terbiýeleýändigini, onuň paýhasa, parahatçylyga, berkararlyga bolan ynamy häzirki ajaýyp döwrümizde hasyl bolandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.