logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MAGTYMGULY DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzyň her bir güninde ýokary guramaçylykda geçirilýän çäreler bu şanly ýylymyzda bagtyýar halkymyzyň her bir raýatynyň göwün guşuny galkyndyrýar. Uly ruhubelentlikde şatlyk–şowhuna beslenip ýokary guramaçylykda geçirilýän çärelerde milli mirasymyz, medeniýetimiz, edebiýatymyz öz beýanyny tapýar.

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat, Çärjew etrap komitetleriniň bilelikde gurnamagynda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyp «Magtymguly dünýäniň akyldary» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda şahyryň döredijiligi bilen bir hatarda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň birine öwrüljek, şu ýylyň 4-nji, 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty, şahyryň arzuwlan Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň işjeň we döredijilikli taglymatdygynyň täze ykrarnamasy boljakdygyna uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bagtyýar zamanamyzda döredijilikli zähmet çekmäge, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini halkymyzyň arasynda wagyz etmäge döredip berýän, ähli mümkinçilikleri üçin milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň hak howandarlary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerinden joşup çykýan alkyşlaryny, çäksiz sagbolsunlaryny beýan etdiler.