logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ EDEBI MIRASY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda bölümiň işgärleriniň gatnaşmaklarynda “Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy” atly kitap sergisi gurnaldy. Sergimizde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri döredijiligine bagyşlanan kitaplar öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaby “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynda Magtymguly Pyraga uly baha berýär. Magtymguly bir ummandyr, düýbüne çümmeseň, onuň dürlerini çöpläp bilmersiň. Magtymguly bir asmandyr, ýyldyz bolup beýgelmeseň, onuň belentligine göz ýetirip bilmersiň diýip belläp geçýär. Şol mynasybetli hem Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminde “Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy” atly kitap sergisi gurnaldy. Sergimizde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi hakynda türkmen dilinde arap elipbiýinde çap bolan birnäçe saýlanan eserler ýygyndylary giňden sergilendi. Bu serginiň esasy maksady hem ýurdumyzda seýrek gabat gelýän neşirler bilen okyjylarymyzy giňden tanyşdyryp durmakdan ybarat bolup durýar. Mundan başga-da sergimizde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden açyp görkezmekde hem uly ähmiýete eýe bolup durýar. Dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.