logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ÖWÜT ÜNDEWLERI TERBIÝE MEKDEBI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan Gökdere çagalar sagaldyş we dynç merkezindäki Altyn sümmül sagaldyş we dynç merkezinde “Magtymguly Pyragynyň öwüt ündewleri terbiýe mekdebi ”- atly söhbetdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda her ýylymyz mynasyp at bilen atlandyrylýar. 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrlan ýylymyzda Gökdere çagalar sagaldyş we dynç merkezinde ýerleşýän Altyn sümmül sagaldyş we dynç merkezinde Akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde we ony geljeki nesillere ýetirmekde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň gurnamagynda “Magtymguly Pyragynyň öwüt ündewleri terbiýe mekdebi ”- atly tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligimizi Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Magtymguly-dünýäniň akyldary”- atly ajaýyp kitabyndan şeýle diýär. Magtymguly Pyragy-beýik hormata mynasyp ussat. Ol öz eserlerinde tutuş dünýäni we durmuşy siňdirip, adamzada söýgini sygdyryp bilen akyldardyr- diýip belläp geçýär. Şeýle-de söhbetdeligimizde çagalaryň bilesigeljigini artdyrmak hem-de dogry pikirlenmekleri üçin ýörüte krosswordlary taýýarladyk. Bu bolsa çagalarda uly täsir galdyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitabynda: – Magtymgulynyň şygyrlary ynsan saglygyna zerur bolan ähli gowy närseleri özünde jemleýän jana şypa beriji ruhy melhemdir – diýip, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly baha berilýär. Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döretdi. Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden açyp görkezmekde hem uly ähmiýete eýe bolup durýar, Türkmen edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwlar edildi.