logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGYRLARY ÄHLI NESILLER ÜÇIN BEÝIK TAGLYMATDYR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ahlak, edep-terbiýe, ynsanperwerlik, adamkärçilik hakyndaky şygyrlary türkmen halkynyň edebi mirasynyň genji-hazynasy bolan döredijiligi bu günki günde dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de akyldar şahyryň öwüt-ündewe ýugrulan goşgulary ýaş nesilleri terbiýelemekde terbiýeçilik ähmiýetiniň örän ulydygy barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda ähli adamzat gymmatlygynyň genji-hazynasyna öwrülen, şahyrana döredijiligini miras galdyran, Magtymguly Pyragynyň şeýle derejede söýlüp-sarpalanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.