logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MAGTYMGULY PYRAGY–ŞYGRY PAÝHAS ÇYRAGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda “Magtymguly Pyragy–şygry paýhas çyragy” ady bilen kitap sergisi gurnaldy we wagyz- nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň il-günümize miras goýýan şahyrana hazynasyny ylmy esasda seljermek, onuň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin türkmen alymlary tarapyndan hem uly işler alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, Berkarar döwletimiziň ajaýyp ösüşlerine gözli şaýat bolmak biziň üçin iň uly bagtdyr diýip belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda şeýle bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.