logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MAGTYMGULY PYRAGY–TÜRKMENIŇ KÖŇÜL GANATY

MAGTYMGULY PYRAGY–TÜRKMENIŇ KÖŇÜL GANATY

Ahal welaýat kitaphanasynyň Hyzmat etmek bölümi Ak bugdaý etrabynyň orta mekdepleriniň mekdep okuwçylarynyň arasynda ýygy-ýygydan bolup kitaplary wagyz etmegiň dürli görnüşlerini ulanýarlar, kitap tanyşdyryşlary, kitap synlary, göçme kitap sergileri gurnap mekdep okuwçylarynda kitaba bolan söýgüni döredýärler.

Ýaňy–ýakynda bolsa Änew şäherinde ýerleşýän 45-nji orta mekdebinde mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Magtymguly Pyragy–türkmeniň köňül ganaty» ady bilen göçme kitap sergi gurnaldy. Göçme kitap sergide kitaphana işgärleri çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli çap edilip sergilenen kitaplar barada gürrüň berdiler. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda ulyny hormatlamak, kiçini sylamak edep terbiýäniň özenidigi, edep-terbiýe, jemgyýetde ene dilimiziň tutýan orny, sözleşmegiň endikleri, milli ýol ýörelgeler, edep-ekram, ahlak kadalary, arassa tämiz ahlak gözellikleri barada aýdylýandygy barada täsirli gürrüň ünsi özüne çekdiler. Göçme kitap sergide hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli syýasaty we döwletimiziň ýaşlar barada edýän aladalary dogrusynda aýratyn durup geçdiler. Göçme kitap sergide özara sowal-jogaplar hem alşyldy.