logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MAGTYMGULY SÖÝÜJILERIŇ JEMGYÝETI

MAGTYMGULY SÖÝÜJILERIŇ JEMGYÝETI

Mary welaýat kitaphanasynda «Magtymguly söýüjileriň jemgyýeti» atly magtymgulyşynaslaryň arasynda döredijilik duşuşygyny geçirildi.

Döredijilik duşuşykda şahyrlar öz döreden goşgularyny gezekli gezegine okadylar hem-de halypa magtymgulyşynaslar ýaş zehinli şahyrlaryň goşgularyna baha berip, halypa şägirtlik ýoly bilen özara pikir alyşdylar. Duşuşygyň dowamynda halypa magtymgulyşynaslar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çap eden goşguly kitaplaryny şahyrlaryň arasynda tanyşdyryp welaýat kitaphanasyna sowgat berdiler. Türkmen halkynyň hususanda ýaşlaryň beýik şahyra bolan uly hormatynyň, belent sarpasynyň aňyrsynda Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri bar.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşan şahyrlar milli medeniýetimiziň ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.