Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitaby esasynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly kitaby asyrlardan gözbaş alýan edebi akyl-akabanyň dowamaty bolup durýandygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu kitabynda akyldar şahyrymyzyň edebi mirasy, ömri, döredijiligi, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandy dogrusynda beýan edilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bu nusgalyk kitap bütin türkmen halky üçin gymmatly gollanma bolup, geljekki nesiller üçin hem edebi miras boljakdygy barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen edebiýatyny dünýä ýaýmakda uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.