logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGI–DÖWÜRLERIŇ PAÝHASY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň bilelikde guramagynda «Magtymgulynyň döredijiligi–döwürleriň paýhasy» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler halkymyzyň azatlygyny, erkinligini, agzybirligini arzuwlap geçen, her bir şygyrlary halkyň hakydasynda müdümilik galan akyldar şahyr, gündogar edebiýatynyň şugla saçýan parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň we edebi mirasynyň bu günki günde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sarpasynyň arşa göterilýändigini uly buýsanç bilen bellediler.

Söhbetdeşligiň dowamynda Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik, parahatlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyr bolandygy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly dünýäniň akyldary» atly ajaýyp eserleriniň many-mazmuny barada özara pikir alyşdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenmäge, onuň gadyr gymmatyny ýitirmän ýaş nesillerimize ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.