logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGI–NUSGAWY EDEBIÝATYŇ HAZYNASY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Magtymguly Pyragynyň döredijiligi–nusgawy edebiýatyň hazynasy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler akyldar şahyr Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň göz-guwanjy, joşgunly we şirin zybanly watançydygyny we halkynyň asuda, parahat ýaşamagyny arzuwlan şahyrdygyny, onuň goşgulary nesillerde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi terbiýelemekde gymmatly ruhy hazynadygyny barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şahyryň döredijiligi türkmen edeibýatynyň müň öwüşginli almaz täjidigini hem-de ol manyly ömrüni, joşgunly zehinini mähriban halkyna bagş eden, öz il-ýurduny tüýs ýürekden söýen watançy şahyrdygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.