Bahar paslynyň ilkinji günlerinde bellenilýän mährem enelerimiziň baýramy mynasybetli «Mähir bardyr eneleriň sözünde, Dünýäniň baky dowamaty Enelerimize» bagyşlanyp Balkan welaýat Çagalar kitaphanasynyň «Syýasy jemgyýetçilik edebiýatlary» bölümi tarapyndan Balkanabat şäheriniň 13-nji orta mekdebinde mekdep okuwçylary, mugallymlar gatnaşmagynda kitap sergisi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ülkämize tebigatyň ähli gözelliklerini paýlaýan bahar pasly hem ýetip geldi. Bu pasylda ýaz ýakymly mähriban enelerimiziň, bahar ýaly owadan gelin–gyzlarymyzyň Halkara zenanlar baýramy dabaraly bellenilýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda enelere goýulýan hormat–sarpa has–da artdy. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri mundan beýläk elmydama rowaç bolsun!