logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MÄHIR SIŇEN MIRASYM

Änew şäheriniň medeniýet öýünde Ahal welaýat kitaphanasynyň kitaphana hünärmenleriniň gatnaşmagynda “Miras” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Mähir siňen mirasym” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde türkmen halkymyzyň milli egin-eşikleri, mertebeli lybaslary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýanlygy, ir döwürlerden bäri türkmenleriň milli lybaslary gaýtalanmajak owadanlygy, nepisligi we inçeligi bilen tapawutlanýandygy. Onuň şan-şöhraty beýleki nusgalardan öňe geçip, lybaslar dünýäsiniň özboluşly bölegine öwrülendigi barada söhbet edildi.