Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmeni Aşgabat şäheriniň 51-nji orta mekdebinde şol mekdebiň kitaphanaçysy we 3-nji synp okuwçylary bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda «Mähriban eneleriň baýramy» atly temada edebi-sazly ertirlik geçirildi.
Eziz enelerimiziň, ejelerimiziň gudraty, mähremligi barada şygyr ýazmadyk, aýdym atmadyk şahyr, aýdymçy ýok bolsa gerek. Ertirligiň dowamynda çagalar ene hakynda birnäçe goşgular we aýdym aýtdylar. Hünärmen çagalar bilen geçirýän ertirliginde biziň mährem enelerimiz, ejelerimiz, gelin-gyzlarymyzy wasp edýän birnäçe şahyrlaryň: Gurbandurdy Gurbansähedow, Gurban Çöliýew, Nury Baýramow, Kasym Nurbadow, Agageldi Allanazarow, Kaýum Taňrygulyýew, Hemra Şirow, Bazar Şalyýew, Ýazjuma Agageldiýew ýaly şahyrlaryň kitaplary bilen tanyşdyrdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmen çagalara Gurbandurdy Gurbansähedowyň «Ene» diýen goşgusyny okap berdi. Ertirligiň dowamynda hünärmenler dabara bilen baglanşykly kitaplardan sergi gurnadylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda biziň ýaş nesillerimiziň sagdyn we berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin atalyk aladasyny edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Alym Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.