logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MÄHRIBAN UÇURYMLARYŇ KONSERTI

Her ýyl Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uçurymlary ýerine ýetirijilik hünäri boýunça öwrenen ajaýyp sazlaryny diňleýjilere ýetirmek, hünär we ukyp-başarnyklaryny görkezmek maksady bilen konsert geçirýärler.

Şeýle konsertleriň biri 2026-njy ýylyň 11-nji martynda «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» hünäriniň uçurymlary Gurbanguly Işangulyýewiň, Annaesen Turşekowyň, Ýaşnar Ismailowyň klarnet saz guralynda ýerine ýetirmeginde «Uçurym – 2026» ady bilen geçirildi. Konsertde ady agzalan uçurymlar, A.Bazarowanyň sazandarlyk etmeginde türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy. Annaesen Turşekow K.Stamensiň «Adagio», K.Nazarowyň «Wals», K.Weberiň «Wariasiýa»; Ýaşnar Ismailow E.Gableriň «Adagio we rondo», «Capriccioso», W.Bassiniň Rigoletto (Fantaziýa); Gurbanguly Işangulyýew F.Şopeniň «Wals», P.Žan-Žanyň «Wenesiýa karnawaly» eserlerini ýokary derejede ýerine ýetirdiler. Konsertiň ahyrynda joşgunly, ajaýyp sazlary ýerine ýetiren uçurymlaryň halypasy Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri R.Rejepmedow mugallymlary, talyplary, diňleýjileri ýetip gelýän Nowruz baýramy bilen gutlap, durmuşda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Konsertde çykyş eden uçurymlara we mugallymlara aýdym-saz äleminde uly-uly üstünlikler ýar bolsun! Dabaraly geçen konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlar aýdym-saz sungatyna uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işlerinde rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw etdiler.

Ogulbeg ÝEGENOWA

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň III ýyl talyby