logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MÄKÄM BOLSUN HALKLARYŇ DOST-DOGANLYK KÖPRÜSI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi bilen Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny gurmak we maglumatlar bilen alyşmak bölüminiň bilelikde guramagynda “Mäkäm bolsun halklaryň dost-doganlyk köprüsi” atly söhbetdeşlik.

Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi bilen Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny gurmak we maglumatlar bilen alyşmak bölüminiň bilelikde guramagynda “Mäkäm bolsun halklaryň dost- doganlyk köprüsi” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige halypa we ýaş kitaphana işgärleri gatnaşyp, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň halklaryň arasynda parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmäge çagyryşyň hemişe dogrudygyny tassyklap, onuň halkara gatnaşyklaryň tejribesinde üýtgewsiz ulanylmaga degişlidiginiň tarapdary bolup çykyş etýändigi hakynda giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň soňunda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.