logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«Malaýziýa syýahatçylyk üçin ugur» atly okuw maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 14-nji iýulynda «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda «Malaýziýa syýahatçylyk üçin ugur» atly okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň hem-de ýurdumyzyň syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň we Malaýziýa döwletiniň arasynda syýahatçylyk babatdaky gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrmak, iki dostlukly ýurda gezelenç etmek isleýän syýahatçylaryň sanyny artdyrmak barada giňişleýin söhbet edildi. Şeýle-de okuw maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň we Malaýziýa döwletiniň syýahatçylyk mümkinçilikleri giňden mahabatlandyryldy. Okuw maslahatyň ahyrynda ýurdumyza gelen myhmanlar habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdiler hem-de olary gyzyklandyrýan sowallara jogap berdiler.