Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda «Maşgala mukaddesligi – terbiýe gözbaşy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler eziz diýarymyzda maşgala mukaddesligine goýulýan hormat sarpanyň bimöçberdigini, edep-terbiýäniň ilkinji düzgünleri maşgaladan başlanýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, çaga asylly terbiýe bermekde esasy şertleriň biri-de maşgaladaky agzybirlik bolup, özara ylalaşyk bar ýerinde birek-birege hormat sarpa goýulsa, kiçiler söýülse, çaga edep-terbiýeli bolup ýetişýändigi barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaşlary edep-terbiýeli we giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.