logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Maşgala mukaddesligi – ýörelgäm, el hünäri – göreldäm

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Ilkinji Zenanlar guramasy bilen bilelikde gurnamaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly ajaýyp eserine esaslanyp, ene-mamalarymyzdan miras galan milliligimizi, maşgala mukaddesligini, däp-dessurlarymyzy, milletiň käbesi Ogulabat ejemiziň amaly-haşam sungatyny ýaş gelin-gyzlarymyzyň arasynda wagyz etmek maksady bilen, “Maşgala mukaddesligi – ýörelgäm, el hünäri – göreldäm” atly maslahat geçirildi. Maslahata dürli pudaklarda zähmet çekýän gelin–gyzlar, kitaphana işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly eserinde milletiň käbesi Ogulabat ejäniň ähli babatda nusgalyk durmuş ýoly, ýaş nesli Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly orny eýeleýän türkmen halkynyň asylly ýörelgeleriniň açylyp görkezilýändigini, şeýle hem ene-mamalarymyza goýulýan sylag-sarpa, maşgala gymmatlyklary ,eneden-gyza geçirilýän el hünäri dogrusynda çykyş etdiler. “Maşgala mukaddesligi – ýörelgäm, el hünäri – göreldäm” atly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.