logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Maslahat duşuşygy geçirildi

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Arkadag şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşiniň bilelikde gurnamagynda, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçiren umumy okuw sapagyndan gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen, “Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-nesihatlary ýaşlarymyza görelde” atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Maslahatyň dowamynda taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan okuw sapagyna gatnaşmak hem-de Milli Liderimiziň ýaşlara beren öwüt-ündewlerini diňlemek bagtynyň miýesser eden pursady, mundan beýläk-de kämil nesilleri ýetişdirmäge örän jogapkärli çemeleşmek baradaky pikirleri has-da pugtalandyrdy. Çünki asly halal türkmen halkymyz nesil terbiýesine, olary ylym-bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar edip ýetişdirmäge esasy wezipe hökmünde garaýar.

Maslahatyň ahyrynda ýurdumyzda häzirki wagtda ýaşlara halkara derejesinde bilim-terbiýe bermäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, durmuş, medeni, ruhy we beden taýdan ösüşine ýardam etmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.