Lebap welaýat kitaphanasynyň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti hakynda “Halk Maslahaty- beýik maksatlaryň rowaçlanmagy” atly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler, halk bähbitli çözgütler, döwletli tutumlar, anyk maksatlar, Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri, gazanan üstünlikleri, türkmen halkynyň gadymy ýörelgeleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar “Bagtyň binýady, rowaçlygyň çyragy” atly kitap sergisine syn etdiler. Işlemäge, okamaga döredip berýän giň şertleri üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.