logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Maslahat geçirildi

Lebap welaýat kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda, “Ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine” atly maslahat geçirildi. Maslahata Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň talyplary, bilim, medeniýet işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary we kitaphana işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesine we “Açyk gapylar” ýörelgesine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň gazanýan üstünliklerinden ugur alyp, 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 7-9-njy oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, “Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi” atly halkara maslahatyň we “Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny” atly Halkara zenanlar dialogynyň geçirilendigi barada giňişleýin çykyşlar edildi.