logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Maslahatly iliň maksady aýdyň

Il-ýurt bähbitli meseleleri, uzak geljegi nazarlaýan taslamalary halk köpçüligi bilen geňeşip çözmek – türkmen halkynyň asyrlarboýy dowam edip gelýän asylly däbi. Şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäne halk köpçüliginiň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekde, jemgyýetiň agzybirligini berkitmekde, milli demokratiýany ösdürmek ugrundaky tagallalary üstünlikli durmuşa geçirmekde halkymyzyň bähbitlerini araýan ýokary wekilçilikli edaranyň-Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny uludyr.

Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň baş maksadynyň we esasy wezipeleriniň halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmekden hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlandyrmagyna ýardam bermekden ybaratdygyny belledi. Şundan ugur alyp, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Lebap welaýatynyň döwlet Arhiwiniň gurnamagynda “Türkmenistanyň Halk maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti” atly maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmekde, merdana halkymyzyň bolelin durmuşyny üpjün etmekde öňde durýan möhüm wezipeleri, il-gün bilen geňeşilip, halkyň wekilleriniň teklipleriniň göz öňünde tutulmagy netijesinde amala aşyrylýan beýik özgertmeler barada durulyp geçildi. Maslahatyň ahyrynda bize işlemäne döretmäne ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine özümiziň mynasyp goşantlarymyzy goşmaga, milli medeniýetimizi, milli gymmatlyklarymyzy, baý edebi mirasymyzy halkymyzyň arasynda wagyz etmäne döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýdyldy.

Uzukjemal Ýazjumaýewa – Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň baş gazna saklaýjysy.