logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MASLAHATLY ILIŇ–MAKSADY AÝDYŇ

Belent ösüşleri nazarlap abadançylygyň röwşen gadamlary bilen ösüşiň täze belentliklerine sary ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň her bir günini bezeýän taryhy hem-de şanly wakalar «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzda geçirilýän çäreler bilen utgaşýar.

Ýaňy ýakynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýurdumyzda möhüm ähmiýetli çäre bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütleriň taryhy-syýasy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Lebap welaýat birleşmesiniň, Lebap welaýat kazyýetiniň, Lebap welaýat Adalat bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda ,,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň il-ýurt bähbitli taryhy çözgütleri” atly dabaraly wagyz –ündew hoşallyk maslahaty geçirildi. Ýokary ruhubelentlikde, baý many-mazmunly çykyşlary özünde jemlän hoşallyk maslahatynda çykyş edenler Diýarymyzyň Garaşsyzlygy, ýurt Berkararlygy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary bilen ýurdymyzda ýetilýän belent sepgitler, mejlisde kabul edilen taryhy çözgütler, kararlar, il-ýurt bähbitli möhüm meseleler, halkara derejesinde barha artýan abraý–mertebesi, bagtyýar hem-de eşretli zamanamyz barada çuňňur mazmunly söhbetler edildi. Hoşallyk maslahatyna gatnaşanlaryň her biri halkymyzy eşretli zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny hem-de alkyşly sözlerini beýan etdiler.


Ogulgerek AGAJANOWA

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri