logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MEDENI DIPLOMATIÝA STRATEGIÝASY-HALKLARYŇ DOSTLUK-JEBISLIK KÖPRÜSI

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet durmuşynyň her bir ulgamynda oňyn özgerişler, asyrlara ýaň saljak beýik zähmet ýeňişleri gazanylýar. Kämil mazmunly döwlet maksatnamalarynyň, strategiýalaryň, kanunçylyk namalarynyň yzygiderli kabul edilmegi durmuş ulgamlarynyň geljekki uzak ýyllardaky ösişini nazarlaýar. Şanly ýylymyzyň 8-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi hem munuň aýdyň subutnamadyr. Şunuň bilen bagtlylykda Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň milli medeni mirasynyň, gadymy däp-dessurlarymyzyň dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýändigini, bu gymmatlyklarymyzyň halkara derejede giňden ykrar edilýändigini bellemek bilen bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da işjeňleşdirmegi degişli wise-premýere tabşyrdy.

Mälim bolşy ýaly, türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň häzirki taryhy pursatlarda medeni diplomatiýanyň dünýäde parahatçylygy hem-de halkara dialogy berkitmekdäki hyzmaty hasam ýokarlandy. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisiniň ilkinji gününde beýik münberde eden taryhy çykyşynda şeýle diýdi: «Häzirki wagtda giň ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin BMG-niň ornuny pugtalandyrmagyň, halklary ýakynlaşdyrmaga we olaryň arasynda özara düşünişmegi berkitmäge, ruhy-medeni gymmatlyklaryň tapawutlylygyndan gelip çykýan päsgelçilikleri aradan aýyrmaga, medeni diplomatiýanyň netijeli ýollaryny herekete getirmäge ýardam etmegiň möhümdigine ynanýarys».

Hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy dabaralandyrmakda medeni dialogyň özboluşly ruhy köpri bolup durýandygy, şoňa görä-de, halklaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmek baradaky öňe süren taglymatlary ýakynda kabul edilen Medeni diplomatiýa strategiýasynyň mazmunynyň özenini düzdi. Şoňa görä-de ýurdumyzda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň geljekki on ýyllyklaryna ýol görkezijisi bolup hyzmat etjek bu ösüş strategiýasynyň nazary medeni diplomatiýanyň ornuny pugtalandyrmaga, milletiň ruhy-ahlak kuwwatyny artdyrmaga, halklary jebisleşdirmäge we dostlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Strategiýada bellenilişi ýaly, medeniýeti ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri we durnukly durmuş-ykdysady ösüşe goşant goşmagyň netijeli guraly bolup durýar. Medeniýet ulgamynda gazanylýan her bir üstünlik milletiň ruhy-ahlak kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz taryhy-durmuş tejribesini hem-de milli medeni mirasy Diýarymyzyň häzirki ösüşiniň wezipeleri bilen döredijilik taýdan sazlaşdyrýan täze durmuş filosofiýasyny kemala getirmegi medeni syýasatyň ileri tutulýan maksady hökmünde kesgitledi. Mundan başga-da, ynsanperwer ulgam halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýär, hyzmatdaşlygyň çägini giňeldýär. Munuň özi hut şeýle kämil derejedäki uzakmöhletleýin Strategiýanyň «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlaryň iş ýüzünde doly amala aşyrylmagyny şertlendirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabyndaky «Medeniýet milletiň mertebesidir. Eger bakylygyň göwher gaşyny, müňýyllyklara barýan ýoly sorasalar, men onuň MEDENIÝETDIGINI hiç hili oýlanman aýdardym. Diňe medeniýetiň emri bilen daş-düre, ruh-bakylyga öwrülýändir!»-diýen beýik pelsepewi jümleleri şu günki täze zamanynyň medeniýetiniň ösüşiniň nazary hamyrmaýasydyr. Dogrusy, ýurt garaşsyzlygymyz, hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejämiz ýaly milli medeniýetimiz hem halkymyz tarapyndan mukaddeslik saýylýar. Gahryman Arkadagymyzy jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserlerinde ündeýşi ýaly biz milli medeniýetimize hemişe guwanmaly, hemişe aňymyzda ýaş nesli atalarymyzyň ruhy-ahlak mirasyna ygrarly edip terbiýelemek höwesi möwç urmaly. Sebäbi biziň keramatly topragymyz adamzat nesillerine nusgalyk bolup gelýän medeni ösüşleriň, siwilizasiýalaryň dörän we kämilleşip dünýä ýaýran sallançak ojagydyr. Biziň dünýä medeniýetindäki özbaşdak ýurt, öz milliligine aýawly saklap, geljekki nesillere ýetirmekde uly üstünlikleri ýeňişleri gazanýan halk hökmünde ykrar edilmegimiziň gözbaşynda edil, mukaddes Garaşlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz ýaly milli medeniýetimiz durandyr.

Strategiýa ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda uzakmöhletleýin döwürde durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulan çäreleriň onlarçasyny özünde jemleýär. Olaryň arasynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ), Bütindünýä Syýahatçylyk guramasy (BSG), Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) we beýleki guramalar bilen medeniýet, syýahatçylyk ugurly hyzmatdaşlygy onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, şol sanda UNESCO-nyň arasynda ygtybarly hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmek halkara medeni gatnaşyklarda öňe sürülýän ugurlar hökmünde kesgitlenýär. Şunuň bilen baglylykda, Häzirki döwürde Türkmenistan bilen UNESCO-nyň halkara medeni hyzmatdaşlygynyň has-da pugtalandyrylmagyna biz uly ähmiýet bermegi netijesinde maddy däl mirasymyzyň ençeme naýbaşy nusgalary Adamzadyň Bütindünýä abraýly sanawynyň törüni bezedi. TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan türki dilli döwletlerde geçirilýän halkara çäreleri biziň halklarymyzyň arasynda ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ýardam berip, ýurdumyzyň döredijilik toparlary geçirilýän halkara festiwallarynda, bäsleşiklerinde ýokary baýraga mynasyp boldular. Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şanly 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenilip geçilen 2024-nji ýylda Aşgabatda «TÜRKSOÝ» atly II halkara teatr festiwalynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň beýik söz ussadynyň döredijiligine bagyşlanan «Pursat» atly sahna oýny baş baýraga, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda bolsa Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň «Baýram han Türkmen» atly spektakly «TÜRKSOÝ» atly III halkara teatr festiwalynda iň ýokary «Milli medeniýeti iň gowy dabaralandyrandygy üçin» baýragyna mynasyp bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» 2025-nji ýylyň 17-26-njy ýanwary aralygynda Monako şalygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilýän 47-nji halkara sirk festiwalyna «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Altyn kuboga mynasyp bolmagy biziň ýurdumyzda sirk sungatynyň hem-de Ahalteke bedewleriniň dünýäde şöhratlanmagyny şertlendirdi.

Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda eden taryhy çykyşynda dünýä jemgyýetçiliginde «Medeni diplomatiýa» diýen düşünjäni esaslandyryp, şol bir wagtda özbaşdak döwletleriň içeri we daşary syýasy gatnaşyklarynda möhüm orna eýe bolan bu özboluşly garaýyş halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyny alyp barmakda, halklaryň birek-birek bilen jebisleşmeginde we dostlukly gatnaşyklaryny berkitmeginde uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny wagyz-ündew etdi. Malim bolşy ýaly, Türkmenistanyň teklibi bilen BMG tarapyndan 2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edildi. Munuň özi adamzadyň aňyýet ösüşinde «Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti» diýen taglymaty döremeginiň hamyrmaýasyna öwrüldi. Medeniýetiň göwünleri galkyndyryjy, dost-doganlygy berkidiji güýji egsilmezdir. Biz muňa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň III maslahatyň çäklerinde geçirilen Merkezi Aziýa sebitleriniň Milli günleriniň mazmunynda hem aýdyň göz ýetirdik. 30-dan gowrak döwletiň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçirilen bu iri halkara çäresinde dünýä medeniýetinde ilkinji gezek Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň Milli günleri geçirilip, bu halkara çäresiniň geljekde asylly däbe öwrüljekdigine ynanýarys. Şu ýerde Milli günleriň konsepsiýasyna Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe süren Halkara parahatçylyk we ynanyşmak medeni taglymatynyň berk ornaşdyrylandygyny aýratyn bellemegimiz gerek.

Konsepsiýada syýahatçylyk pudagynda halkara gatnaşyklaryny giňeltmek, milli syýahatçylyk mümkinçiliklerini daşary ýurtlarda öňe sürmek boýunça daşary ýurt kompaniýalary we agentlikleri bilen hyzmatdaşlyk etmek, ýurdumyzyň çäginde ýokary syýahatçylyk mümkinçiligi bolan ýerlere ýurdumyzyň we daşary ýurt döwletleriniň syýahatçylaryny çekmek boýunça netijeli işleri alyp barmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Mälim bolşy ýaly, syýahatçylygy toplumlaýyn ösdürmek işi ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini, täsin tebigy künjeklerini ylmy taýdan öwrenmek bilen utgaşyklykda, hormatly Prezidentimiziň tassyklap beren «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýar. Halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny dünýäde wagyz etmek maksadyny nazarlaýan yzygiderli alnyp barylýan bu işleriň netijesinde 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlenen «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan–Ga¬ragum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürna-masynyň uly goldawa eýe bolup, kabul edilmegi sebitiň ekoulgamyny goramakda, taryhy hem halkara syýasy-jemgyýetçilik ösüşi has-da berkitmekde örän uly ähmiýete eýedir. Taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak üçin netijeli işleri dowam etdirip, bu ugurda daşary ýurt döwletleriniň medeni mirasy öwrenmek we gorap saklamak babatda iş alyp barýan ylmy edaralary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalarynyň ugrunda ýerleşýän ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini UNESCO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işleri dowam etdirmek bu strategiýanyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde bellenilmegi aýratyn buýsançlydyr.

Türkmenistanyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny öwrenmäge hem-de häzirki döwürde milli medeniýetimizi ösdürmäge uly goşant goşýan işleri, ylmy barlaglary, terjimeleri üçin, şeýle hem türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň çuň pelsepä ýugrulan döredijilik mirasyny öwrenmekde we ony Ýer ýüzüne giňden wagyz etmekde bitiren hyzmatlary üçin, daşary ýurt raýatlaryny Magtymguly adyndaky halkara baýragyna hödürlemek boýunça işleri dowam etdirmegiň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýet syýasatynyň özenini düzýär. Şundan ugur alyp, täze kabul edilen strategiýada türkmen halkynyň öz baý edebi we medeni mirasy, asyrlardan aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten çeper, ylmy edebiýaty, sungaty bilen dünýä medeniýetine uly goşant goşan halkdygyny nazarda tutup, baý medeni mirasymyzy täze gazanylanlar bilen has-da baýlaşdyrmak we Ýer ýüzünde giňden wagyz etmek bellenilýär.

Merdana halkymyzyň beýik gahrymançylygyny we watanperwerligini, parahatsöýüjiligini, bagtyýarlygyny, üýtgewsiz ruhy gymmatlyklar bolan ýokary ahlaklylygy, adamkärçiligi, hoşniýetliligi, şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda gazanylan zähmet üstünliklerini, mukaddes Garaşsyzlygymyzy we hemişelik Bitaraplygymyzy, türkmen tebigatynyň ajaýyp gözelliklerini belentden wasp edýän ilhalar aýdym-saz eserlerini ýokary ussatlykly ýerine ýetirmek boýunça estrada aýdymçylarynyň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäginde geçirilýän «Ýaňlan Diýarym», «Ýylyň parlak ýyldyzy», «Merjen däneleri» atly bäsleşikleriň aýratyn orny bar. Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň, Kino günleriniň we hepdelikleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň dostlukly döwletlerdäki Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilmegini dowam etdirmek we bu çäreleriň many-mazmun taýdan has-da netijeli bolmagyny, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, halklaryň arasynda agzybirligi hem-de dost-doganlygy kemala getirmek maksady bilen, Türkmenistanda halkara derejesindäki konsertleri, sergileri, maslahatlary, suratkeşleriň döredijilik duşuşyklaryny, surat sergilerini, edebi ýygnanyşyklary, opera, teatr, saz, tans festiwallaryny, kino günlerini we beýleki forumlary yzygiderli geçirmek bilen, medeniýet, sungat işgärleriniň arasynda özara tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança döretmek babatda hem geljekde yzygiderli işleri alyp barmak medeniýetiň geljekki özüş strategiýanyň mazmunynda aýratyn orun alýar.

Türkmenistan baradaky täzelikleriň we geçirilýän çäreleriň daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen, daşary ýurtlardaky bolup geçýän umumadamzat medeniýeti ähmiýetli çäreleri milli habar beriş ulgamlarynda dessin hem-de ýokary hilde ýaýradylmagyny yzygiderli kämilleşdirmek döwrümiziň iň wajyp ugurlarynyň biridir. Şundan ugur alnyp, konsepsiýada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan döwrebap we many-mazmunly filmleriň surata düşürilýän sanyny artdyryp, olaryň halkara kinofestiwallaryna gatnaşmaklaryny gazanmak üçin zerur işleri geçirmek, Halkara habarlar giňişliginiň çäklerinde daşary ýurt teleradioýaýlymlary we teleradiokompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky ylalaşyklaryň sanyny artdyrmak, Türkmenistan baradaky täzelikleriň we geçirilýän çäreleriň daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ýaýradylmagyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça uzakmöhletli çäreleri geçirmek bellenilýär.

Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, milli medeniýetini we sungatyny, şeýle hem görnükli döredijilik işgärleriniň, bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleriniň, milli däp-dessurlar we senetçilik bilen meşgullanan şahsyýetleriň ömri, döredijiligi we alyp baran ajaýyp işleri baradaky maglumatlary halkara giňişliginde giňden wagyz etmek halkara derejesinde giňden wagyz etmekde muzeýleriň, kitaphanalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag işleriniň netijeliligini artdyrmak, ylmy taslamalary, seýrek tapyndylar baradaky ylmy habarlary halkara jemgyýetçiligine wagyz etmegi, daşary ýurtlaryň ugurdaş edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň çägini giňeltmegi, daşary ýurt döwletleriniň medeniýet we sungat ugurly bilim edaralary bilen talyplaryň we mugallymlaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ussatlyk sapaklaryny we beýleki bilelikdäki çäreleri geçirmek bu konsepsiýanyň esasy çäreleriniň hataryny düzýär.

Ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny geljekki ösüşlerini nazarlaýan Medeni diplomatiýa strategiýasy ýurdumyzda döwlet we halkara deresindäki medeniýetiň dürli ugurlaryndaky çäreleri döwrebap görnüşe getirmek, olarda innowasiýanyň gazananlaryny işjeň peýdalanmak, many-mazmun taýdan baýlaşdyrmak, hil taýdan kämilleşdirmek, guramaçylyk taýdan ýokarlandyrmak babatda täzelikler, döwrebaplylyk şertleri iş ýüzünde ýerine ýetirilýär, bu ugurlarda dünýä ýurtlarynyň tejribeleri öwrenilýär we olaryň kämil, nusga alarlyk usullary tejribede giňden ornaşdyrylýar.

Şundan görnüşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» milli medeniýet ulgamyny köptaraply giňden ösdürmekde, halkara gatnaşyklarynda medeniýetleriň arasyndaky dialogy täze derejelere götermek, medeni diplomatiýany ösdürmek baradaky öňe süren başlangyçlary medeniýet we sungat işgärleriniň öňünde belent maksatlary goýýar.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmek, döwrebap, kämil eserler bilen baýlaşdyrmak ugrunda ähli şertler döredip berýän, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da ösdürilmegi babatda taýsyz tagallalary üçin, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza soňsuz alkyşlar aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent maksatlary hemişe rowaç bolsun!


Agamyrat BALTAÝEW,

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty.