Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Aşgabat şäher Köpetdag etrap zenanlar bölümüniň bilelikde guramagynda
4-8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyň geçirilmegi mynasybetli «Medeni hyzmatdaşlyk dostluguň nyşany» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň uly toý dabaralara beslenmegi, Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şeýle wakalaryň giň gerime eýe bolmagy, kalplardaky buýsanjyň has-da joşa gelmeginiň esasy sebäpleriniň biri bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty hem berkarar döwletimiziň dünýädäki at- abraýyny, şan-şöhratyny arşa göterjek taryhy wakalaryň biri boljakdygy barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda döwletimiziň gülläp ösmegi, il-ulusymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tagallalary edýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.