Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan taryhyny öwrenmekde ýurdumyzyň muzeý işgärleriniň alyp barýan işleriniň aýratyn möhüm ähmiýeti bardyr. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Medeni miras» gepleşiginiň täze sany ýazgy edildi. Ýazgy «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, gepleşigi Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Miras» teleýaýlymynyň redaktory alyp bardy. Gepleşikde muzeýiň esasy hünärmeni Maýa Babanyýazowa, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň I-derejeli kitaphanaçysy Güljeren Çarmanowa dagylar çykyş etdiler. Ýazgyda muzeýiň sergi işlerini has-da kämilleşdirilişi hem-de halkyň muzeýlere bolan garaýşyny çuňlaşdyrmak, taryhy gymmatlyklary wagyz etmek, muzeý bilen ýakyn gatnaşyk saklamaklaryny gazanmaklygy, ýadygärlikler barada maglumatlar we gymmatlyklar bilen baýlaşdyrylyşy dogrusynda söhbetdeşlik geçirildi.