logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Medeni miras – halkyň ruhy baýlygy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda «Medeni miras – halkyň ruhy baýlygy» atly aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.

Bu çärede çykyş edenler, medeni miras her bir halkyň geçmişinden geljege uzalyp gidýän gymmatly hazynasy bolup, halkyň taryhyny, däp-dessurlaryny, sungatyny, edebiýatyny we milli aýratynlyklaryny özünde jemleýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, ene-mamalarymyzdan gelýän inçe, nepis sungatymyz döwrebap hem-de gadymy nusgalarda dowam etdirilýär. Häzirki wagtda keşdeçilik sungatynyň ussat gelin-gyzlarymyzyň çeper gözlegleri bilen has-da baýlaşdyrylýandygy, owadan nagyşlar bilen bejerilen milli lybaslaryň, kürteleriň, çyrpylaryň, gyňaçlaryň, tahýalaryň halkyň arasynda giňden ýaýrandygy hakynda giňişleýin söhbet etdiler.

Çäräniň dowamynda sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy.