ÝUNESKO-nyň Almaty şäherindäki sebit edarasynyň, Aziýa we Ýuwaş umman sebitinde maddy däl medeni mirasy öwrenmek boýunça halkara okuw merkeziniň (CRIHAP) bilen bilelikde gurnamagynda, 2026-njy ýylyň 8-10-njy sentýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Merkezi Aziýa sebitinde maddy däl medeni mirasy goramakda muzeýleriň orny boýunça okuw maslahaty geçirildi.
Türkmenistandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistandan, Gazagystandan gelen öňdebaryjy muzeý hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre, Merkezi Aziýa halklarynyň asyrlar boýy kemala gelen däp-dessurlaryny, halk döredijiligini, senetçiligini, saz we ýerine ýetirijilik sungatyny geljekki nesillere ýetirmekde muzeýleriň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň döwrebap usullaryny öwrenmäge gönükdirildi. Maslahatyň işine gatnaşyjylar özara tejribe alyşdylar.
Horwatiýaly kulturolog, antropolog we maddy däl medeni miras boýunça halkara hünärmen, doktor (Dr.sc.) Tamara Nikolić Đerić tarapyndan geçirilen okuw-amaly maslahatynyň barşynda ÝUNESKO-nyň 1972, 2003 we 2005-nji ýyllardaky Konwensiýalarynyň deňeşdirilmesi, maddy we maddy däl medeni mirasyň özara baglanyşygyna seredildi. Şeýle hem, halkara syýasatyndaky täze özgerişler, ýagny medeniýet pudagyndaky hukuklar, sanly sowatlylyk, durnuklylyk hem-de muzeý pudagynda täze hünär başarnyklaryny özleşdirmek barada amaly mysallar arkaly tanyşdyryşlar geçirildi.
Söhbetdeşliklerde muzeýleriň diňe bir eksponatlary saklaýan mekan bolman, eýsem, degişli jemgyýetçilikler bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýan medeni merkeze öwrülmelidigi bellenildi. Maslahatyň çäginde gatnaşyjylar halkyň dilden dile geçirilen mirasyny, aýdym-sazlaryny, senedini we milli oýunlaryny muzeý gaznalarynda sanly ulgam arkaly goramak, däp bolan milli sungaty köpçülige (master-klasslar arkaly) ýetirmek, inwentarizasiýa we gözleg işlerini geçirmek ýaly amaly ädimleri kesgitlediler.
Çärä gatnaşyjylar 3 topara bölünip, maddy däl medeni mirasy goramak boýunça meýilnamalary düzmek, goraglylyk derejesine baha bermek, serişdeleri çekmek strategiýalaryny we monitoring amallaryny taýýarlamak boýunça amaly ýumuşlary ýerine ýetirdiler. Bu sebitleýin seminar-trening Merkezi Aziýa halklarynyň medeni gymmatlyklaryny bilelikde öwrenmäge, muzeý işgärleriniň halkara derejedäki amaly tejribesini içgin ösdürmäge hem-de medeni mirasymyzy halkara giňişliginde giňden tanatmaga uly goşant goşdy.
Käkilik Öwezberdiýewa,
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň
direktorynyň orunbasary.