logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MEDENI MIRASYMYZ–RUHY BAÝLYGYMYZ

MEDENI MIRASYMYZ–RUHY BAÝLYGYMYZ

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy, Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda «Medeni mirasymyz–ruhy baýlygymyz» ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler ene-mamalarymyzdan miras galan milli baýlygymyz asyrlardan aşyp, biziň bagtyýar döwrümize gelip ýetip, milli sungatymyz has-da baýlaşdyrylyp, gelin-gyzlaryň kalbyna siňenligi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň pähim-paýhasyndan, çeper elli ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehin-yhlasyndan kemala gelen nepis halydyr, gülli keçeleri, sünnälenip nagyşlanan milli lybaslary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze öwüşgine eýe bolýandygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy aýawly saklap, geljekki nesillere ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýydylar.