Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde “Gadymy Dehistan” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda “Taryhy-medeni ýadygärlikleriň öwrenilmeginiň we rejelenmeginiň häzirki zaman usullary” atly meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hem-de onuň garamagyndaky goraghanalaryň hünärmenleri, alymlar gatnaşdylar. Bu çäräniň geçirilmeginiň hepdeligiň meýilnamasyna girizilmegi häzirki innowasiýalar we düýpli özgertmeler eýýamynda “medeni miras” diýen düşünjäniň barha giň many-mazmuna eýe bolýandygyny ýüze çykarýar. Çünki taryhy we medeni ýadygärlikleri, türkmen halkynyň ruhy mirasyny gorap saklamak baradaky alada döwletiň hem-de jemgyýetiň örän möhüm wezipeleriniň hataryna çykaryldy. Türkmenistan — taryhy-medeni ýadygärliklere baý ýurt. Olar gadymy zamanlarda-da gurluşygyň ýokary derejede bolandygyna, senetçiligiň ösendigine şaýatlyk edýär. Balkan welaýatyndaky “Gadymy Dehistan” goraghanasynyň çäkleri hem şeýle gymmatlyklaryň biridir.
Meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet maslahatynda türkmen arheologlary tarapyndan gadymy Balkan topragynda saklanyp galan arheologik, binagärlik ýadygärliklerinde ýerine ýetirilen işler hem-de öňde durýan wezipeler barada pikir alşyldy.
Balkan welaýat kitaphanasynda täze neşir edilen we sesli kitaplaryň, täze döredilen elektron kitaplaryň saýtynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa gatnaşyjylar kitabyň ähmiýeti barada aýratyn durup geçdiler. Kitap halkyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda möhüm orny eýeleýär. Ähli döwürlerde hem ol medeni we aňyýet ösüşiniň esasy guraly hasaplanypdyr. Ýokary hilli neşir önümleri kitap okamak medeniýetini ýokarlandyryp, ilatyň, hususan-da, ýaşlaryň milli we dünýäniň ruhy gymmatlyklaryna aralaşmagyna ýardam edýär. Çünki ynsanyň durmuşynda kitabyň orny örän uludyr.
Hepdeligiň maksatnamasyndaky çäreler Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde dowam etdi. Bu ýerde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň aýdym-saz we döredijilik toparlarynyň konserti boldy. Onda ýaş zehinler çeper döredijilige, milli sungata bolan höwesini görkezdiler. Olaryň belent ruha beslenen aýdym-sazly, joşgunly tanslar bilen utgaşan çykyşlary ýaşlaryň bu ugra gyzyklanmalarynyň ýokarydygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda edilýän yzygiderli aladalaryň netijesidir. Çagalaryň baýramçylyk konserti medeni dynç alşy özünde jemlemek bilen, sungatyň döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny emele getirýändigini äşgär etdi. Balkanly ýaş zehinleriň çykyşlary döwrebaplygy bilen tapawutlanyp, konserte tomaşa edýänlere ýakymly pursatlary bagyşlady.
Balkan welaýat kitaphanasynda Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, žurnalistleriň, şol sanda ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Brifingiň başynda ilkinji gezek emeli aň esasynda taýýarlanylan hem-de saz we ses serişdeleri bilen bezelen wideorolik görkezildi. Ol Türkmenistanyň gazanýan ösüşlerine bagyşlandy. Wideoroligiň emeli aňyň mümkinçilikleri bilen taýýarlanylmagy we çärä gatnaşyjylara görkezilmegi duşuşygyň mazmunyna laýyk gelýär. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çykyşlarynda Medeniýet hepdeliginiň üstünlikli geçýändigini beýan etdiler.