logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Medeniýet baýramy dabaralanýar

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hünärmenleri golaýda Balkan welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşyp, öz ýürek buýsançlaryny “Altyn asyr” teleýaýlymynyň üsti bilen beýan etdiler. Kitaphanaçylar Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Balkan welaýat kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň milli medeniýetimize bagyşlanan neşirleriniň sergisi bilen tanyş boldylar we geçirilen okuw-tejribe maslahatyna gatnaşdylar. Bu bolsa ýene bir ýola ýurdumyzyň kitaphanalarynyň okyjylara hyzmat etmekde alyp barýan işleri bilen tanyş bolmaga we tejribe alyşmaga uly ýardam berdi. Medeniýetimiziň we sungatymyzyň Hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.