Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenhaly Döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet – döredijiligiň we ruhubelentligiň toýy» ady bilen Türkmen halysynyň milli muzeýinde aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çärede çykyş edenler ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramçylygynyň umumyadamzat gymmatlyklarynyň we ynsanperwer ýörelgeleriň waspyny ýetiren görnükli söz ussadyny hormatlamak çäresi bilen utgaşdyrylmagynda çuňňur many bardygy hakynda giňişleýin gürrüň edilip, medeniýet milletiň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren maddy we ruhy gymmatlyklarynyň we kadalarynyň toplumy bolup durýandygy, toý-baýramlarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň täze öwüşgine eýe bolup, ýurdumyzyñ Medeniýet we sungat işgärlerine döredijilikli zähmet çekmekleri üçin taýsyz tagallalaryň edilýändigi barada giňişleýin beýan etdiler. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan aýdym-sazlar ýerine ýetirildi.
Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy giňden öwrenmäge ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.