logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HALYNYŇ ERŞI – DUTARYŇ KIRŞI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda «Halynyň erşi – dutaryň kirşi» ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigatyň ajaýyp reňklerini özünde jemleýän haly gelin-gyzlarymyzyň on barmagyndan çykan mukaddeslikdir. Gadym döwürlerden bäri ene-mamalarymyz bu mukaddeslige aýratyn hormat goýup ony nesilden-nesile geçip gelýändigi barada söhbet etdiler. Şeýle-de ata Watanymyzyň, merdana halkymyzyň abraý-mertebesi, dünýä ýaýylan şöhrat-şany, mukaddeslik aýdymy bolup bu gün bagtyýar günlerimizde, öwüşginli halylarymyz erkin hem eşretli durmuşymyzyň göllerdäki waspy bolup durýandygy barada giňişleýin beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy, bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda ajaýyp türkmen halyçylyk sungatyny ösdürmekde beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.