Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan bölümiň okalga zalynda “Medeniýet Galkynyşyň ganatydyr” atly kitap sergisi gurnaldy. Sergä Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyplary gatnaşdylar. Seýrek neşirler bölüminde bar bolan gadymy hem-de gazna täze gelen kitaplardan gurnalan bu sergi talyplarda uly täsir galdyrdy.
Talyp ýaşlar döredip beren giň mümkinçilikleri üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.