logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

“Medeniýet günleri – birleşdirýär illeri” atly döredijilik duşuşygy

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde “Medeniýet günleri – birleşdirýär illeri” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary hem gatnaşdy. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda türkmen halkynyň milli medeniýeti, sungaty , olaryň taryhy kökleri, aýratynlygy barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de talyplar kitaphananyň bölümleri, kitaphana hünärmenleriniň ýerine ýetirýän işleri, okyjylara berilýän ýokary derejeli hyzmatlar bilen ýakyndan tanyşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary esasynda gurnalar sergi talyp-ýaşlarda aýratyn täsir galdyrdy. Şeýle-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem-de nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň eserleri esasynda gurnalan sergiler talyplarda uly gyzyklanma döretdi.

Täsirli duşuşygyň ahyrynda bagtyýar talyp-ýaşlar okamagy, öwrenmegi, döretmegi, Watanymyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.