logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MEDENIÝET GÜNLERINIŇ ÇÄKLERINDE «ADAMZADYŇ MEDENI ÖSÜŞINI AÇYP GÖRKEZMEKDE WE ARAP DILINI HEM-DE YSLAM MAGARYFYNY BAÝLAŞDYRMAKDA TÜRKMEN ALYMLARYNYŇ EÝELEÝÄN ORNY» ATLY MASLAHAT GEÇÝÄR

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan oňyn ýörelgeleri esasynda Ata Watanymyz bilen dünýä ýurtlarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary barha berkeýär. Ýakyn Gündogaryň ykdysady taýdan iň kuwwatly we okgunly ösýän ýurtlarynyň biri hökmünde tanalýan Liwiýa döwletiniň milli medeni mirasyň gazananlaryny öwrenmek hem-de halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen Liwiýa Döwletiniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda gözel ülkämizde Liwiýa döwletiniň medeniýet günleri geçirilýär.

Türkmenistandaky Liwiýa döwletiniň medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Liwiýa döwletiniň medeniýet günleriniň açylyş dabarasy hem-de sergi guraldy. Sergide yslam medeniýetinde çuňňur kök uran sungat bolan arap hat-ýazuwy we Liwiýanyň milli lybaslary, türkmen alymlarynyň arap dilinde ýazan çeper kitaplary we milli tagamlary sergilendi. Şeýle hem sergide milli däp-dessurlaryň baýlygyny , milli medeniýetlerini hem-de taryhynyň gazananlaryny görkezýän fotosuratlar ýerleşdirildi.